This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Edil düýn ýalydy...

Edil düýn ýalydy.

Ýaňy ýalydy,

Sagadyň dillerin rehimsiz towlap

Seň ýanyňa duşuşyga barýanym

Ädimlerim bilen elhenç sakawlap.


Paýtagtyň asuda köçelerinden

Kä öňe ýörärdik, kä yza bakan.

Şemal össe, tolkun atar durardy

Sypaýy köýnegiň, sypaýy ýakaň.


Bu ýerde hiç hili düşünmezlik ýok,

Belki, şeýle bolmalydyr bu zatlar.

Sen saga sowuldyň,

Men bolsa çepe.

Seni ençe ýyllap çykardym ýatdan.


Ýöne agşam bir düşnüksiz gam bile,

Gitdim şol duşuşan ýermize bakan,

Tolkun atdy göz öňümde ýene-de

Sypaýy köýnegiň, sypaýy ýakaň.


Birden ýüregime çümdi-de gitdi

Iňňäň ujy ýaly rehimsiz ünji, —

Seň bilen duşuşyp bilmänime däl

Seň ilkinji söýgim bolanyň üçin.


Çigrek güýz agşamy haýal barýaryn.

Öçügsi ýyldyzlar öçüp asmanda.

On bäş ýyl! On bäş ýyl!

Ýaňy ýalydy!

Bir damja şor ýaşym gaçýar asfalta.

Gurbannazar Ezizow
Söýgi
söýgi bilen döredildi •