This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Eger seni özüm döreden bolsam...

Eger seni özüm döreden bolsam,

Hyýalymda, arzuwymda her günüm,

Näçe jan etsem-de, hyjuw etsem-de,

Seni beýle söýüp bilmezdim, gülüm.


Eger seni özüm döreden bolsam,

Bolmazdy söýgimiň gizlin manysy.

Ähli zat meň üçin bolardy aýan —

Söýgiň ajap syrlarynyň barysy.


Sen, gülüm, meň üçin täsin bir dünýä,

Ony täsin edýän syrly duýgudyr.

Söýgi diýmek — şo duýgynyň manysyn

Düşündirmek kyn bolanda söýgüdir.


Düşündirip bolýan zatlaň barysy

Söýgi däl, biz muny ozaldan bilýäs.

Söýgi — galaryndan beýikdir, beýik,

Söýgi — boýlaryndan çuňurakdyr has.


Şonuň üçin seni döreden bolsam,

Hyýalymda, arzuwymda sünnäläp,

Gijeler hesretden syýa dönerdim,

Ýazardym hesretden gije-gündizläp.

Gurbannazar Ezizow
Söýgi
söýgi bilen döredildi •