This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Epitafiýalar

I

Bärde şahyr ýatyr, —

Baýryň ýüzünde,

Az ýaşady pahyr,

Çykardyk ýatdan.

Keseli ne erbet —

Gutardy bende

Uzaga çekmedik

Ýeňil şöhratdan.


II

Mundan müňläp tomaşaçy gaçýardy,

Okapdy ol ýüzläp roluň imanyn.

Režissýorlaň näçesini göçürdi.

Iň esasam, öküz ýaly içerdi.

A siz bolsa bu pahyra

Ukypsyzdy diýýäňiz.

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •