This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Görmeksiz gyz

Ine, barýaň umydyňa büdüräp,

Egniň horlugyna utanyp çala.

Uzakda orkestr joşup-titiräp,

Tans edýär owadan gyzlary bile.


Hor ellerňi çykaraňok ýeňiňden,

Olar birden ýere ýetäýjek ýaly.

Geçip barýaň ýigitleriň deňinden,

Gulaga ýakymsyz bir saz mysaly.


Undup bilmän görmeksizje doglanyň,

Ýüregiňde hoş arzuwlar besleýäň.

Geçip barýan bir syratly oglanyň

Mylakatly söz aýdaryn isleýäň.


Emma ýigitleriň öz gaýgysy bar:

Ýörite ýag bilen saçlaryn darap,

Olar wagtdanam ozup barýarlar,

Özlerniň owadan gyzlarna tarap.


Ah, horja gyz, horlugyňdan horlanýaň.

Saňa hoş söz diýjek ýigit nirede?

Bu şäherde näçe diýseň ýigit bar,

Seni öýe ugradanok biri-de.


Gyzlaram ýanyňa delmuryp gelip,

Owadan gülüşip ýüregňe düşýär.

Olar görmegini artdyrjak bolup,

Gezegine seniň bilen tirkeşýär.


Öýe gelýäň. Gyýýar ýüregňi ünjiň,

Hasratdan çekilýär iki owurdyň.

Aglaýarsyň: «Ah, eje jan, nämüçin

Meni beýle betgelişik dogurdyň?»


Emma goňşy gelin — bir görmegeý dul

Atasyz ogluna günäli bakýar.

Hem seniň tersiňe,

Gussa-gam çekýär:

«Owadan dogulma,

Bagtly dogul!»


Aglama, gyz! Uýajygym, gam çekme,

Bilip bolmaz ykbalyňy öňünden,

Bu howlukmaç ýigitlere at dakma.

Kim geçenok öz bagtynyň deňinden.


Käte şeýle bolýar: görkdür-görmek

Gidip otyr il içinde at alyp,

Ýöne, nämüçindir, tylla ýüzük dek

Ýolda,

Gum içinde galýar sadalyk.


Tekepbir bol, çykyp bolmaz gaýa dek.

Sada bol, aýlaryň doguşy ýaly.

Şeýle ýigitler bar, (olar bar entek)

Sen dek gaýalarda olaň hyýaly!

Gurbannazar Ezizow
Söýgi
Durmuş
söýgi bilen döredildi •