This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Gözleg

Durmuş misli gözýetim,

Gözýetimiň çägi ýok.

Men elmydama gözledim,

Gözlemegiň çägi ýok.


Näçe ýol bar, ýodalar,

Beýiklik bar, çuňluk bar

Emma ýürek ot alar,

Seniň, seniň nämäň bar?


Çagyr meni, gözýetim,

Agyr işe baş goşdum.

Öz ýodamy gözledim,

Öz ýodamdan daş düşdüm.


Döwýänleri söýmeýän,

Göripleri has beter

Diýýärler: «Seň gözleýän

Ýoluň nirde ahbetin!»


...Kyn pursatda kim-de kim

(Parhsyz — goja gözelmi),

Unudyp özge zady

Alsa ele gazalmy,


Begenjini sözlese,

Gynanjyny sözlese,

Goşgym bilen gürleşip,

Dertdeşini gözlese.


Özi üçin bir ýerde,

Ýatman uzak gijeler,

Bilse galýanmy derde,

Ylham joşar, güýç alar.


Derde goýup, igeläp

Göripleriň toparyn,

Kyn gününde adamy

Men gözlärin — taparyn!


Diňlär meni şäherler,

Diňlär meni obalar.

Ine, meniň çuňlugym,

Beýikligim şu bolar!

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •