Goşgular Çemeni
«Gaharjaňlyk agyr günde dörärmiş»
Diýip, nämüçindir tapypdyrlar «myş»
Säher dury suwa agzyny çaýkan —
Ýaşy çene baran az sözli daýhan.
Ýaşaýşyň gymmatyn oňat bilýändir,
Çöregiň hümmetin oňat bilýändir.
Il üçin gan döken, janyndan geçen,
Üç deňiz, ýüz derýaň suwundan içen —
Durmuşyň ajysyn dadan bir esger
Saňa aýtjak sözün diýerine çen,
Gözün ýumup, ýedi ölçär — bir keser.
Ýok! Durmuşda beýle gylyk, beýle kär
Ýeňil ýürek, ýeňil günden döreýär.
Ýeňil günde adam bolarmyş hasy!
Ömrüň şol birhili akyp durmasy
Sowukda egniniň ýyly possuny,
Durmuş tukatlygy, ýürek pesligi,
Barysy birigip adaty günde,
«Gursagy darlygy» oýadýar sende.
Gahar etmek ejizligiň nyşany!
Işidir ol bikärlikde ýörenleň.
Gahar nire, gaharjaňlyk nirede!
Ýüregi ýukadyr köpi görenleň.