This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Gar ereýär, Buz ereýär...

Gar ereýär,

Buz ereýär,

Geçenini buşlap gyşyň.

Adamlar ýeňil ýöreýär,

Seniň welin, şol boluşyň.


Howlular peselýär güller içinde,

Adam indi ygtyýarnyň eýesi,

Sykylyklap,

Ýeňil ädip geçende,

Görünýär adamlaň ýagty kellesi.


Adamlaň depesi direýär asman,

Ýöredýärler oňatlygyň dinini.

Sen bolsa, pikiri doňduryp duran

«Birýusa» ýa «Pamir» holodilniga.


Adamlar ýaşaýar erkin, gurply,

Şatlykda, haýyr işde hyýaly.

Seniň agzyň mydam mäkäm gulply,

Millionerleriň haznasy ýaly.


Meniňki — bitinden,

Seňki — ýarymdan,

Men dur seçýän,

Senem şerden seçýärsiň.

Meniň aňsat böküp geçýän ýabymdan

Sen balagňy ele alyp geçýärsiň.


Biz söýgi siňdirdik işdir poema,

Söýgüden, şatlykdan ýok bize doýma.

Sen söýüp gördüňmi, bilemok,

Emma

Seniň iniň ýetdi söýgiň boýuna.


Ýöne men düşünýän başga bir zada,

Ol maňa asman deý ýagty hem aýan.

Iňrik höküm ýöredende dünýäde,

Sen öýüňde zaryn çekip aglaýaň.


Düşünýän — seňki kyn.

Sen bagtsyz adam.

Saňa agyr, agza ýaşynyp ýaşmak,

Biz ýaly dogumly,

Biz ýaly sada

Adamlaryň arasynda ýaşamak.


Adamlaň depesi beýgelip barýar,

Bu hakykat, bu ajaýyp bir haldyr...

Biz saňa gynanýas.

Haýpymyz gelýär.

Gynanylýan adam — hakyky däldir!

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •