This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Gözüm düşdi

Men bu gün säher oýanyp, çykdym lälezarlyga,

Depäm üste ümmülmez gümmeze gözüm düşdi.

Bu äleme guwandym, guwandym men barlyga,

Ýylda solup, baky solmaz güllere gözüm

düşdi.


Güýzüň agras köçesinde ýaprak kowlaýar şemal,

Men onuň waspyn edipler tapmak isledim

wysal,

Ýüz sowal wysalyn tapdym, galdy ýene müň

sowal,

Sowal-jogapsyz ýören, dil bilmeze gözüm

düşdi.


El-aýaksyz, merdiwansyz bulduň göge galyşy,

Gunçalaryň açylyşy, ter gülleriň soluşy,

Tebigatyň şu ajaýyp, baş sazy çalyşy, —

Bizi üwrän sallançaga, düzlere gözüm düşdi.


El hünäri il gezermiş, aň hünäri Dünýäni!

Sen Watansyz hasap etme gonup-göçen

durnany,

Onuň üçin serhet bolmaz, ol dünýäň,

bendiwany...

Bir-birine gollar beren illere gözüm düşdi.


Eger seniň köňül içre bolmasa hoş sözleriň,

Sen ony öten ärleriň diwanyndan gözlegin,

Çünki bizden soňky döwre dikip baky

gözlerin

Biziň hoş sözlere mätäç günlere gözüm düşdi.

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •