Goşgular Çemeni
Ol juda arkaýyn,
Äwmän barýardy,
Märekäň içinden, ýatladyp toýy.
Şemal baga çykyp, saçyn darýardy,
Çüňki oň boýundan gysgady boýy.
Dagyň bir bölegi!
Bölegem däl-de,
Dagyň özi ýaly parasatlydy.
Deňinden geçenler biraz saklanyp,
Oňa baka-baka, köňül şatlady.
Göge alma atsaň, ýere gaçmajak
Märekäň içinden äwmän barýardy.
Agras,
Ynamlydy ädim uruşy.
Kä başyny atyp,
Kä ýylgyrýardy.
Daýaw egni bilen ýol arçaýardy.
Çal başyna degip, beýgelýär asman,
Paýhasyň özi dek äwmän barýardy,
Hemem nämüçindir, elmydam juwan.
Näçe materigi, ýurtlary sökdi,
Tanyş oňa goja dünýäň dört çeti.
Ýöne göbek gany siňen ülkäni,
Ine, şeýdip,
Ädim bilen ölçedi.
Howlukmady,
Äwmän, paýhasly ýördi,
Ýol-ýodalaň batgasyndan-gumundan,
Geçäýmäýin diýýän ýaly howlugyp
Göwün açman bir gamgynyň deňinden.
Ine, durdy,
Şlýapasyn çykardy.
Eli bilen gözün günden gorady.
Bir ýigdekçe geçip barýan zenandan:
– Aýtsaňyzlaň, kim ol? — diýip sorady.
Zenan guwanç bilen goja seretdi.
Tanýandygyn bagt saýyp şo bada.
Ähli dilde,
Ähli ýurda düşnükli,
Örän gysga hemem örän düşnükli
Jogap berdi:
— Kerbaba...