This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Halas ediň

Beýgelmek üçin däl — dag boljak boldum

Barha köp synladym dagyň ýüzüni.

Çünki, ol uzakdan ýetirdi maňa

Bir bendäniň: «Halas ediň!» sözüni.


Kim ol bende?

Haýsy darda asylýar?

Bogýar ony haýsy deňziň buzlary?

Ýatsam-tursam rahatlyk berenok

Ýüregimde: «Halas ediň!» sözleri.


Gözlerimi açdy asyryň güýzi,

Haýyram, şer işem açdy gözümi.

Meniň galamymam antenna meňzäp,

Tutdy durdy «Halas ediň!» sözüni.


Bagtly boluň, bagtly boluň, adamlar,

Ýöne bagt gözüňizi tutmasyn.

Şindi känkä «Halas ediň!» ýaňlary,

Bagt sizi körem,

Kerem etmesin.


Şu jedelde goýup biljek başymy,

Şol ýüregi ýag baglandyr bireýýäm,

Eşitmeýän bolsa «Halas ediňi!»

Bu çetinden,

O çetinden bu dünýäň!


Halas boluň, esgilerden, doklukdan.

Şum adamdan, köçeleriň itinden.

Halas boluň, ähli artykmaçlykdan,

Ýöne halas bolmaň «Halas ediňden!»

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •