This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Hany, çal dutary, mähriban dostum...

Hany, çal dutary, mähriban dostum,

Egseli, ýüregmiz atmanka gasyn,

Geçilen ýollaryň şatlyk-bagtyny,

Geçilmedik ýodalaryň gussasyn.


Egseli gussasyn ýalaňaç baglaň.

Güýzüň ýaprak bürän ýata suwlarnyň.

Egseli gussasyn, duw-ak gussasyn

Mesopotamiýa barýan guwlaryň.


Bar zat boldy: söýgi, dostluk, ýalan söz,

Büdremeler, ýasly gündür bagtly gün.

Asuda düzleriň gussasy bile

Düşündik biz manysyna şatlygyň.


Ýyllar geçdi durdy yzly-yzyna,

Has agras ýaşadyk, has agras söýdük,

Şu eziz topraga belent ynamy

Biz ähli zatlardan belentde goýduk.


Biz söýüldik, bagtly bolduk şoň üçin,

Diňe söýen güýzde gussa düşünýär.

Kim aýdypdyr pany diýip barlyga?

Ýaşanyňa juda degýär bu dünýä.


Ine, şu gözellik ýaşany üçin,

Küýsedik baharlar basymdan-basym,

Güýzüň ýaprak bürän ýata suwlarny,

Onuň ýadan ýodalarnyň gussasyn!


Gurbannazar Ezizow
Durmuş
Dostluk
söýgi bilen döredildi •