This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Hiç düşünip, Hiç düşünip bilemok...

Hiç düşünip,

Hiç düşünip bilemok.

Bu ýerde bir hili bulaşyklyk bar.

Men «bar» diýsem, «ýok» diýjegne şübhe ýok

Men ýagyşy söýýän,

Oň söýýäni gar.

Dört diwardyr

Üçegimiz bir biziň,

Emma ol şonda-da etmeýär müýni.

«Men gaýkyny söýýän, sen kimi?» diýýän,

Ol arkaýyn jogap berýär:

«Küýkini!»

Diýýärin «Sen bilgeşleýin edýärsiň,

Çigişdirýäň aradaky düwüni.»

Oň gözlegi towuklaryň arpasy,

Men söýýärin ýöne arpa suwuny.


Hiç düşünip,

Hiç düşünip bilemok,

Ötjek pikirimiz bir ýere gelmän

Bolmajak bolanda bolmaz ekeni

Ol-a meni söýýär!

Men ony söýýän.

Gurbannazar Ezizow
Söýgi
söýgi bilen döredildi •