This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Il

Il diýeniň — işçi, daýhan, şahyrdyr...

Iliň elmydama oňatdyr päli.

Ýöne adam diýen ýalňyşýar käte,

Olar perişde däl ýalňyşmaz ýaly.


Olar ýalňyşýarlar. Boýun alýarlar.

Emma ýürekleri oňat pällidir.

Giden ildir — işçi, şahyr,

daýhanlar...

Il diýeniň bolsa, ýalňyşýan däldir.

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •