This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Märeke

Öz işine gümra gadym giň jahan

Käte gam getirer, käte hemaýat.

Çirkin-çirkin aglanynda gyzjagaz,

«Öýkeni giňär!» diýp, güldi jemagat.


Ýigrimi gyş geçdi, ýigrimi bahar.

Şo gyz kämil çykyp, toýa şaýlandy.

Şonda ol gözeliň ikinji sapar

Owadan gözlerne duman aýlandy.


«Aýu, tula, begenjiňe aglaýaň?»

Diýip, ýomak atyşdylar gelinler.

Entek nämäň-nämedigini aňmaýan

Gyzlaň ýylgyrşyny gizledi ýeňler.


Soň ýene aý ötdi. Ötdi köp bahar.

Kim gam çekdi, kim keýpini çaglady.

Şonda şol gözelmiz üçünji sapar,

Soňky sapar için tutup aglady.


Indi ahmyr ýokdy, gözýaşam ýokdy

Söýgi, umyt ýer tapmadyk synada.

Diýdi il ýene-de juda sogduryp:

«Maşgalada öýke-de bor, kine-de!»


Paşmadyk umytlaň gizläp ahyny,

Şatlykdan üç gezek aglaýan barmy?

Sen aýt, märeke, aýt, ahyry,

Saňa biperwaýlyk, endikmi, kärmi?


Neçün ýagşylyga ýorýaň agyny?

Seniň üçin hemmeje zat gül ýaly.

Gözýaş bilen egsip ýürek dagyny

Aglanlaryň oňatmyka ykbaly?


Hemme kişi bagtly güni aglanok,

Adam diýen gülenogam hesretden.

Eý, märeke, hiç düşünip bilemok.

Mähirlimiň?

Gaharlymyň?

Näme sen?

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •