This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Maňa öwran-öwran Diýdiler: Ýigit...

Maňa öwran-öwran

Diýdiler: «Ýigit,

Sen durmuşy öwren,

Sen durmuşa git.


Şäherde güýz, gyşy

Geçirmä derek,

Gidip bu durmuşy,

Öwrenmek gerek!»


Düşünemok aýan,

Duşünemok hiç.

Men nirde ýaşaýan

Şu wagta deňiç?


Men haýsy duzakda,

Haýsy ýoldakam?

Durmuşdan uzakda

Niçik ildekäm?


Aslynda, durmuş nä?

Manysy näme?

Onuň gurluşyna

Kyn düşünäýme.


Belki, durmuş diýen

Meniň özümdir?

Halal duzum iýen

Ogul-gyzymdyr?


Belki, şäherimdir,

Belki, köçämdir,

Eken nahalymdyr,

Öýde keçämdir?


Uruşdan söz açýan

Syrdamdan syrdam —

Belki, ol köp içýän

Meniň goňşymdyr?


Belki, ol odumdyr

Murtlary towly.

Belki, ol Nazymdyr,

Hikmetiň ogly?


Belki, ol gapymdan

Akýan suwumdyr?

Oňatlyk hakynda

Hoş arzuwymdyr?


Taldyr derekleri

Synlap durşumdyr?

Düýpsüz ýürekleri

Gorjap ýörşümdir?


Belki, durmuş diýen

Duýgy-serimdir?

Meniň örän söýen

Adamlarymdyr?


Maňa öwran-öwran

Diýdiler: «Ýigit,

Sen durmuşy öwren,

Sen durmuşa git...»


Ýurdundan kowulan

Bir aşyk deýin,

Men bulardan geçip,

Nirä gideýin?!

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •