This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Mahal-mahal seniň müňlerçe gören...

Mahal-mahal seniň müňlerçe gören,

Ýene-de müňlerçe görmeli zadyň,

Ýakýar ýüregiňde seni beýgeldýän,

Tämizleýän duýgyň–görünmez odun.


Şapakdan ot alýar baglaryň başy,

Ýoda gijä tarap uzalyp ýatyr.

Dagdan taýyp gelen awara şemal

Otuň hem meýdanyň ysyny getir.


Ikatýok ýaşyňy sanar oturar,

Diňe şol ykbaly çözýän mysaly.

Şu adaty zatlar şat eder seni.

Adatdan daşary gözellik ýaly.


Erte ýene daň şapagy doganda.

Geň galyp bakarsyň güwleýän oda.

...Özüňi bagtly saý bir ajap pursat,

Sen begenip bilseň, adaty zada.

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •