Goşgular Çemeni
Meň atamda zehin ýokdy üýtgeşik,
Ýöne öz kärini ýürekden söýdi.
Gaş bilen diwalaň goşuny goşup,
Kümüşdir gyzylyň nikasyn gyýdy.
Ussahanasynda — sungat öýünde,
Meniň eziz atam edensoň yhlas,
Gerçekleň gözüne gözel göründi
Türkmeniň edaly gözelleri has.
Gupbalary şazadalaň täji deý
Gözelleriň mertebesin göterdi.
Şahyr diňe gözelligi wasp etse,
Atam gözelligiň üstün ýetirdi.
Atamyň sarpasyn saklady millet,
Olam il sarpasyn saklady geldi.
Bir elinde haýyr, birinde sungat,
Şeýdip ol Şatlygyň şahyry boldy.
Meň kakamda zehin ýokdy üýtgeşik,
Hünär däl, borjuny ýürekden söýdi.
Duşman geleninde ençe ýurt aşyp,
Ol öz takdyryny mizana goýdy.
Atamyň Şatlykdan başlanan ýoly,
Ony gazap bedewine atardy.
Oň ýeňişli başlan gazaply ýoly,
Baryp Mauthauzende gutardy.
Hemme bilýär bendilikde dert uly,
Ol şol ýerde bir ýylyny ötürdi.
Bendilikde oň görkezen mertligi,
Türkmen gerçegine şöhrat getirdi.
Kakam saglyk bilen gowuşdy bize,
Bar hesreti bilen öýüne geldi.
Bir elinde haýyr, birinde naýza,
Ol şeýdip, hesretiň şahyry boldy.
Men olardan daşa zyňylan daş däl —
Süňňümde ganlaryn göterip geldim.
Men bu gün Şatlygyň ýurdundan başlap
Gözellik ýurdunyň şahyry boldum.
Günäkäri men däl beýle wakanyň,
Özümi şu wakaň şaýady öýdýän.
Hesretin wasp edýän diri kakamyň,
Ýok atamyň Şatlygyny wasp edýän.