This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Myhmançylykda aýdylan tost

Entek sadalykdan zyýan çeken ýok,

Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz.

Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen,

Bereketli gelsin tylla güýzüňiz.


Törüňizde hemişelik guralan

Ýumşak sallançagyň ýatmasyn bady.

Saçagňyzda çörek, duz haltada duz,

Sönmesin ojakda ojaryň ody.


Duluňyzdan gelin baksyn Aý bolup,

Tüýnügňizden gelin bolup Aý baksyn.

Ýaman niýet bilen işikden giren —

Ýagşy niýet bilen işikden çyksyn.

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •