This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Nobatlar

Adamlaryň barha eli giňeýär,

Güle öwürensoň eziz mekany.

Ine, iki dükan otyr ýanaşyk,

Biri çörek, birem gazet dükany.


Çörek dükanynda otyr satyjy,

Pallanda ýyldyrap gidýär dişleri.

Ol ýigidiň eli boşurak öýdýän

Ýogsa beýle daralmazdy saçlary.


Gapdaldaky dükan — neneňsi görnüş!

Onuň nobatynyň döreden ýoly —

Uruş ýyllarynda çörek dükannyň

Hiç yzy üzülmez nobaty ýaly.


Sabyrly garaşýar gezegne her kim, —

Işçi, okuwçylar, çalaran başlar.

Biz käte bu bagty görmän geçýäris,

Bu zat juda oňat ahyr, ýoldaşlar!


Ertirlik naharyn ýanyna alan

Gazet nobatynda çekip «ezýeti»,

Ahyr ýol ugrunda büdräp, çakyşyp,

Buterbrod bilen okýar gazeti.


Adamlar birhili beýgelen ýaly!

Olar halal gazandylar bu bagty

Bireýýäm gutardy çörek nobaty,

Gün-günden uzaýar gazet nobaty.

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •