This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Orak

Iňrik garaldy-da, ýyldyzlar ýandy,

Hemme zat parahat dem alýar indi.


Gündiz bugdaý orlup, joş uran ýer hem,

Gara şalyn egne atypdyr bu dem.


Gijeler ne gözel söýgüli maýda,

Gökde egri orak mysaly Aý-da


Bugdaý orlan ýere hyrydar bakýar,

Hem ol gussa bilen şeýle ah çekýär:


«Düşsedim boşlukdan, ah, şol ýere men,

Orardym bugdaýy tä daňdana çen»

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •