This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Paralleller kesişmeýär hiç haçan...

Seniň ne dostuň bar, ne duşmanyň bar,

Sen elmydam çetde, elmydam ümsüm.


Sende ne gahar bar, ne-de mähir bar,

Sen salgymmy? Sen kölgemi?

Sen kimsiň?


Seniň ne ajyň bar, ne-de süýjiň bar,

Il derdine ne agladyň, ne güldüň.

Öz külbäňe daşap bilenňi daşap,

Ýene bu dünýäden nägile bolduň.


Sen durmuşy syçan kimin gemirdiň,

Seretdiň köpräk, arzan alarňa.

Siňdirdiň öz ruhuň bar boşlugyny,

Şikaýatlaryňa,

Arzalaryňa.


Il Fronta soňky nanyn emlände,

Ýowuz günler düşeninde başyna,

Sen beýikden beýik sütün dikeldip,

Tikenek sim aýlap çykdyň daşyňa.


Biz

soňky pillämiz güýjümiz jemläp,

Jepa çekip örboýmuza galypdyk.

Ahmyr bilen: “Bu durmuşy ýene bir

Kerpiç beýgeldäýsek” diýip ölüpdik.


Sen biz bilen bir köçeden ýöreýäň,

Göräýmäge,

ýollarymyz bir ýaly.

Emma syn edäýseň içginden-içgin:

Sen bir başga

Biz bir başga dunýäli.


Ýok!

Sen günüň ýüzündäki menek sen,

Bu gün sen perdäňi açýaň aç-açan;

Seniň ýoluň

ýolumyza parallel!

Paralleller kesişmeýär hiç haçan!

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •