This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Şöhrat

Şöhrat näme, bilemok,

Ýaşap ýörün dünýäde.

Gözüm açyp görenim

Şu zemindir, şu asman.

Gelin geldi uz ýaşynyp,

Elinde tylla bada,

Maňa oňat sözler diýdi,

Saçym sypap bir zaman.


Men oňa bar git diýdim,

Işiň bilen bol diýdim.

Işim başymdan agdyk

Galamym iş küýseýär.

Ol gözüni güldürdi.

Gel, goýnuma dol, diýdi,

Beýle gelin saňa aşyk

Bolup gezer niçezar.


Seniň saçyň sypaýyn

Öpeýin gül ýüzüňden.

Doý sen meniň näzimden,

Entek, entek pursat bar.

Tüweleme, işläbildiň,

Il ruh aldy sözüňden

Indi saňa meň goýnumda

Humar bolmak ýaraşýar.


Onuň otly gözlerine

Bakdym — ine aşyk men!

Ýöne erkim jemläp şonda

Bar duýgymy otladym.

Bar, git, diýdim, sen örteme,

Kowdum ony işikden,

Emma zaňňar maýa gelin

Penjireden ätledi.


Köňül şu gün geplemese

Aýt ahyr, joşsun haçan?

Geçer gider diýýärin

Deň-duşlarym deňimden.

Tüýs bihaýa gelin eken

Ýedi derýaň suwun içen,

Men-ä ondan gaçyp ýörün,

Olam mydam öňümde.


Tüýs men diýen ýaşymda men,

Goşguçy men, aşyk men.

Kärim şeýle, gyzlary

Wasp etmeli misli bagşy.

Ýöne beýle bihaýany

Görmändim men şu güne çen,

Şol gelin meň ygtyýarym,

Erkimi almasa ýagşy.

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •