This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Serpaý

Söýüň meni — ýürek söýgi küýseýär,

Şeýle bir küýseýär — ýok çaky-çeni.

Ýekeje adama ýeterlik söýgi

Bilen

bir pursatlyk söýüň siz meni.


Maňa kän zat,

Uly bir zat gerek däl,

Eliňizi ýüregňize goýuň siz:

Size söýgi bilen ýüzlenýän günlem

Sözlerimi kesä çekmän söýüň siz.


Söýüň meni — ähli erki hem durky

Bilen size tarap ýollar çekeni.

Ýeke özüň söýüp ýörseň elmydam

Birazajyk agyr düşjek ekeni.


Söýüň meni siziň sadyk guluňyz,

Soňra menden size galar şeýle paý,

Men size bahasyz serpaý ederin —

Şalaryň elinden gelmejek serpaý.

Gurbannazar Ezizow
Söýgi
Durmuş
Iň soňky ýazan goşgusy
söýgi bilen döredildi •