This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Söýgim — juwanlykda açylan gunça...

Söýgim — juwanlykda açylan gunça,

Söýgim — kämillikde mäkäm diregim.

Ýalňyşyň, näz ediň,

Ýeke dilegim,

Söýmäň meniň goşgularym boýunça.


Söýüň säherleri täzeden açyp,

Söýüň bar ýürekden,

Söýüň wepaly.

Söýüň —

Ynsan ogly şunça ýol geçip,

Sizden öň söýüşip görmedik ýaly!

Gurbannazar Ezizow
Söýgi
söýgi bilen döredildi •