This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Sygan aýaly

Köne jygyllykda atynyp şalyn,

Diňe ile oňatlykda hyýaly,

Üýşürip daşyna jemende baryn,

Pal atýardy garry sygan aýaly.


Ellerimiziň aýasyna bakýardy,

Kä gaş çytyp, kä gülýärdi çylkasyz.

Kellesin silkende oýnap-bökýärdi

Ýarym aýa meňzeş gulak halkasy.


Gözläp tapyp kartlarynyň haçyny,

Hemmä bagt isleýär uludan-uly,

Sypap geçýär guran göwsün, saçyny

Urşuň yz ýanynyň parahat ýeli.


Biz hemmämiz gussaly gün gelerdik, —

Gelerdik ýanyna tukat wagtymyz.

Bary-ýogy bäş manada alardyk

Köňlümiz dirilden gymmat bagtymyz.


Ýurt bolsa o ýyllar gaýnap-joşýardy,

Külden hem hesretden galýardy parlap.

Kim duşanok, kim bagtyna duşýardy,

Ýeriň ähli tarapyndan soraglap.


Jygyllyk gyzýardy, çykýardy serden,

Her kim harydyny öwýärdi kemsiz.

Deňi-taýsyz ynam satansoň, birden

Bize gyýa-gyýa bakardy kempir.


Ol birden-ä otluçöpün ýakýardy,

Birdenem ynanman bagtly kartyna,

Gussa bilen aýasyna bakýardy,

Bahyllyk edýän dek beren bagtyna.


Haçly karty il bagtyny tapýardy,

Emma welin, öz oglundan derek ýok.

Gadymlardan gelýän bir kada bardy, —

Pal atýanyň paýyna bagt düşenok.


Iň elhenç, iň ajy hakykatdyr bu,

Ile ynam paýlap gije we gündiz,

Özüň paýsyz galsaň şol üleşikde,

Geljege ynanman bagtsyz hem ýalňyz.


Pala biz ynandyk çynymyz bile,

Ol köpbilmiş — oňa bar zat aýandy

...Asfalty süpürip köýnegi bile

Barýan gara şol betbagt aýaldy.

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •