This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Ýaşlyk

Gazaply kazy deý, mydam başymda

Sagat çot kakyp dur şyk-şyk-şyk.

Düýnüň özem garaşýardym ýaşlyga,

Bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk.


Bir zada düşünýän:

şowhunly günler

Al atymy çapyp ýören haladym,

Öňümden çykana gül ýaşlygymy

Hormat edip, sowgat kimin paýladym.


Jomartlygym üçin «sagbolsunlara»

Ýüzüm göge tutup göçer ýörerdim.

Ýaşlygymy gerekmejek dostlara

Hem boş söhbetlere seçer ýörerdim.


Öwgülerden humar bolup, gijeler

«Alyň!» diýip, kişiň gapysyn kakdym.

Ýaşlygmy gül edip, jomartlyk bile,

Söýmeýän gyzlarmyň döşüne dakdym.


Men ony boş gijelere paýladym.

Men ony

Boş gürrüňlere paýladym.

Ine, bu gün uly döwletden galan

Köpüklermi ahmyr bilen sanadym.


Neçün beýle bolýar? Ilki ýalňyşyp,

Soňra ökünç bile egilip ýörüs!

Jaýymyzy çilim çekip, tüsseläp,

Soňra tüssämize bogulyp ýörüs!


Ah, bu gün säherem şeýle bir çytyk,

Bolaýmagy mümkin tüýs ýagyşly gün.

Ýaşlygymyz ýitirenok hiç zady,

Biz özümiz ýitirýäris ýaşlygy...

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •