This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Ynanjaň gyz

On ýyl geçdi gün ýaly,

Oýlanýaryn sen hakda,

Ynanjaňdyň gar ýaly,

Eräp gitdiň dodakda.


Saňa, «Soltanym!» diýip,

Umyt baglapdym göge.

Ynanjaňdyň ýagyş deý,

Siňip gitdiň topraga.


Sen ynanjaň gözeldiň,

Bakardyň sen uzaga.

Sen ynanjaň durnadyň,

Düşdüň ýerde duzaga.


Düşüberdiň, kän düşdüň,

Düşüberdiň ýene-de.

Şeýdip, ýerde düşündiň

Hile diýen senede.


«Men seni söýýän!» diýip,

Bir gün çökdüm dyzyma.

Bakdyň sen gussa bilen

Meň ynanjaň gözüme.


Diýdiň: «Sen belent söýýäň,

A men pesde otyryn.

Git, oglan, deňiň gözle,

Saňa hesret getirin!»

Gurbannazar Ezizow
Söýgi
Durmuş
söýgi bilen döredildi •